Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda gözel Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
