Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Leonardo S.p.A. italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de ol Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady. Işewür Leonardo S.p.A. kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Italiýanyň Leonardo S.p.A. kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Duşuşykda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine-de garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan Leonardo S.p.A. kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Işewür Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça geçirilen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Leonardo S.p.A. italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEONARDO S.p.A. KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi
Belawiýa petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar