Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda harby desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda harby desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze gurlan binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleri bilen tanyşyp, esgerler üçin niýetlenen ýatakhanalaryny, dynç alyş otaglaryny, kitaphanany, şeýle hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zalyny synlady.

Şeýle hem döwlet Baştutany Ýaragly Güýçleriň hataryna täze gelip gowşan harby tehnikalaryň nusgalaryny synlady we Ýaragly Güýçleriň maddy-tehniki binýadyny tapgyrlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany harby bölümiň naharhanasyna baryp, şahsy düzümiň iýmitlenişi bilen gyzyklandy. Soňra,toplumyň çägindäki lukmançylyk-sanitar bölümini, söwda nokadyny hem-de sport meýdançalaryny synlady.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti okuw-türgenleşik gözegçilik nokadyndan tejribe okuwlarynyň gidişi bilen tanyşdy. Onuň çäginde harby gullukçylar ýörite tehnikalary ulanmak arkaly gysga wagtyň dowamynda bölümleriň geçirilmegi üçin niýetlenen suw howdanynyň üstünden wagtlaýyn köpri gurdylar.

Serdar Berdimuhamedow serkerdeleriň maşgalalary üçin bina edilen ýaşaýyş toplumy bilen hem tanyşdy. Bu toplum dört sany dört gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolup, ol jemi 200 otagy öz içine alýar we yaşaýyş-durmuş maksatly desgalary özünde jemleýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgalasy bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanyp, çagalara sowgatlary gowşurdy. Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Desgalaryň açylyşy 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Serhetýakadaky harby bölümiň esgerleri iýmit we derman ýeter-ýetmezçiligine, agyr’ gulluk şertlerine ünsi çekýär
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň täze ýolbaşçysyny wezipä belledi
Watan goragçylarynyň waspy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy