Türkmenistanyň Prezidenti Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky "baky oduna" gül çemenini goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky "baky oduna" gül çemenini goýdy

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda Näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Näbelli esgeriň gubury ýadygärlik arhitektura toplumy bolup, ol 1967-nji ýylda käbir meşhur rus arhitektorlarynyň taslamasy esasynda bina edildi. Ýadygärlik Russiýanyň medeni mirasynyň desgasy diýen derejä eýedir.

Däp bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasyna sapar bilen baran döwlet we Hökümet Baştutanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleri hatyralap, bu ýadygärlige gül desselerini goýýarlar.

Näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň çeperçilik muzeýine — Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä sportunyň ýyldyzlary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary
19.09.2017 | Dünýä sportunyň ýyldyzlary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary
Türkmenistanyň Prezidenti Näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar
MOSKWADA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar