Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi.Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz halkara tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlaryny önümçilige ornaşdyrmak barada Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna atçylyk sport toplumlarynyň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça seljermeleri geçirmegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Häkimler ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda ýazky gowaçanyň, gök önümleriň, ýeralmanyň we soganyň ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, gazanylan netijeler bilen çäklenmän, mundan beýläk-de öndürijilikli zähmet çekmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Milli Liderimiz degişli ugurda özgertmeleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna sanly ulgama yzygiderli geçirmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, bu pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň has netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin onuň durnukly ykdysady ýagdaýynyň saklanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

21.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi