Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.Welaýatlaryň häkimleri döwlet Baştutanyna pagta ýygymynyň we däneli ekinlere ideg işleriniň barşy, ýerleriň indiki möwsüme taýýarlanylyşy barada hasabat berdiler.

Häzirki wagtda ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilýändigi bellenildi.Döwlet Baştutany pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi we ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Resminama ýurduň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ministrler özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri barada hem pikir alyşdylar.

4. Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa 24-nji noýabrda Watan kinokonsert merkezinde konsert bilen çykyş eder. Aýdymçy halkyň arasynda eýýäm meşhurlyk gazanan aýdymlaryny we täze aýdymlaryny ýerine ýetirer. Konsert 18:00-da başlanar.

Dünýäde

5. Britaniýanyň biotehnologiýa kompaniýasy ýüňli mamontlary gaýtadan ýaşaýşa getirmegi meýilleşdirýändiklerini yglan etdiler. Alymlar munuň üçin baky doňaklykdan tapylan bu gadymy haýwanyň DNK-syny aziýa pilleriniň DNK-sy bilen çaknyşdyrmakçy bolýarlar. Ilkinji mamont çagasy eýýäm 2028-nji ýylda dünýä inip biler. Munuň üçin alymlar mamontyň ýeterlik derejede ösen embrionyny enelik piliň bedenine oturtmagy göz öňünde tutýarlar.

6. Towuk ketekden gaçyş, Uolles we Gromit, Goýun Şon ýaly meşhur multfilmleri döreden Aardman britan animasiýa studiýasy plastin ýetmezçiligine sezewar boldy. Studiýany plastin bilen ýeke-täk üpjün ediji Angliýanyň Torki şäherinde ýerleşýän Newplast kompaniýasydy. Häzirki wagtda kärhanada plastin önümçiligi doly togtadyldy. Aardman studiýasynyň animatorlary 2024-nji ýylda çykjak täze Uolles we Gromit filmini döretmek üçin galan plastiniň hemmesini peýdalandylar.

Sport habarlary

7. 23 — 28-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçiriler.Bu abraýly halkara ýaryşyň petekleri eýýäm satuwa çykaryldy .

Olary Olimpiýa şäherçesiniň kassalarynda, Berkarar hem-de Aşgabat söwda-dynç alyş merkezlerinde satyn almak mümkindir.Petegiň bahasy 25 manat. Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionatynyň maksatnamasy 25-nji noýabrda geçiriljek dabara bilen açylar.

Türgenleriň arasyndaky ýaryşlar gönüden-göni 27-28-nji noýabrda geçiriler.

8. Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda kiçi basketbol festiwaly badalga aldy. Sport baýramçylygyna Aşgabatdan we ýurduň ähli welaýatlaryndan toparlar gatnaşýarlar. Festiwala gatnaşyjylaryň köpüsi üçin bu türgen hökmünde ilkinji ýaryşdyr.

Ýene degişli makalalar

Britan alymlary ýeralmanyň DNK-syny redaktirleýärler
Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy
Aziz Sanjar Rak Keseli Boýunça Ylmy Barlaglaryny Türkiýede Dowam Etdirer
“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi
Time Ýylyň gahrymanlaryny atlandyrdy
Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady