Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň häzirki ösüşine ýokary baha berip, iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem bu gatnaşyklary iki halkyň bähbidine täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Pakistanyň täze ilçisi işe başlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna terrorçylykly waka zerarly gynanç bildirdi