Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Prezident Arif Alwa hem-de Premýer-ministr Imran Hana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Imran Han we maşgalasy azatlykdan mahrum edildi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMATDA SAPARDA BOLÝAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň güni bilen gutlady
Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen mejlisine gatnaşdy