TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY