Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda soňky ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem galla oragyny ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, orakda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde birinji hatarara bejergi, ýekeleme we otag işleri alnyp barylýar.Ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin welaýatlarda bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär
20.08.2017 | Haýwanat dünýäsini goraýjylaryň hereketine goldaw berýän haýwanlara kömek berýän merkez döredildi
15.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Berdimuhamedow öýsüz haýwanlar üçin hassahana we gonalga gurmagy teklip etdi