Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar.Düýn ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi Ruhy tagzym, Milletiň ogullary, Baky şöhrat ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyralady.

Hatyralamak däbi halkymyzyň müňlerçe ýyla uzaýan ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Gökdepe galasynyň edermen goragçylaryny, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys.

Paýtagtymyzdaky Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin Ruhy tagzym ýadygärligine gül çemenini goýdy.

..75 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi.Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar.Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar.

Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler. Şol aýylganç gijäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.

Beýik şahsyýetiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary müdimilik ýatda galar.

Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar — weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar.Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr.

Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň mekdebidir.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
HALKYŇ PARAHAT DURMUŞYNYŇ GORAGÇYLARYNA BAKY ŞÖHRAT!
Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi
Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Watan gerçekleri unudylmaz!