Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Gruziýa barar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Gruziýa barar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen 9-njy iýulda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa boljak resmi sapary barada pikir alyşdylar. Bu barada Gruziýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar Gruziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de ýokary derejedäki dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler