Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gruziýanyň resmi wekilleri hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti saparyň dowamynda Gruziýanyň döwlet ýolbaşçylary bilen ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirer. Şeýle hem saparyň çäginde Türkmenistan — Gruziýa işewürlik maslahaty we ýurdumyzda öndürilen önümleriň göçme sergisiniň geçirlmegi meýilleşdirilýär we bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara hil taýdan täze itergi bermegine, işewürlik düzümleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ilerledilmegine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Ýokary derejeli saparlaryň we gepleşikleriň esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol geçirildi
Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi
Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri