Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan degişli şertnamalary boýunça öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi.Birleşigiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ak mermerden gurlan kaşaň binasynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin halyçy gelin-gyzlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.

Iş maslahaty Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowyň hasabaty bilen dowam etdi.Ol ýurdumyzda geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdi.

Soňra göni aragatnaşyga söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow çagyryldy.Ol ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi.Ministr döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş etdi.Ol azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň zerur bolan çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleler barada hasabat berip, gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda ýyladyşhanalary, maldarçylyk toplumlaryny gurmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow göni aragatnaşyga çagyryldy.Wise-premýer ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt üpjünçiligini artdyrmak, ilatymyzyň giň görnüşli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak barada milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda söwda toplumynyň pudaklarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda, aýratyn-da, oba hojalyk toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak işleriniň güýçlendirilmelidigini belledi.Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-tehniki kömegi bermek boýunça anyk çäreler geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramak döwrüň ösen talabydyr diýip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

09.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi