Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine, Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine, Myrat Akmyradowiç Mämmedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine, Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine, Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belledi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýew bellenilip, ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serdar Begençmuhamedowiç Çopanowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine, Aşyrmyrat Musakowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine, Meýlis Mergenowiç Mergenowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine, Welmyrat Ýagşymyradowiç Saparmyradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesine, Ýagşygeldi Esenowiç Gowşudowy Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine, Erkin Ýaňybaýewiç Açylowy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine, Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazow bellenildi.

Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, ýurduň käbir welaýatlarynyň we etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlary bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady