23-nji fewralda Türkmenistanda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirilýär.
Çärelere beýleki ýurtlaryň hem birnäçe ýokary derejeli wekili gatnaşýar we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda olaryň birnäçesi bilen duşuşdy.
TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident şu aşakdaky resmileri kabul etdi:
— Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Gündogar Aziýa bölüminiň baş direktory Wernar Lipakany we oňa “AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyga konstruktiw çemeleşmesi we TOPH proýektiniň amala aşyrylmagynyň maliýleşdirilmesi üçin minnetdarlyk bildirdi”,
— Yslam ösüş bankynyň (YÖB) wise-prezidenti Mansur Muhtary, oňa Yslam bankynyň TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegine goldawy üçin minnetdarlyk bildidri,
— Gazagystan respublikasynyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminy,
— Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Sultan Bin al-Mansury,
— Özbegistan respublikasynyň wise-premýeri, “Uzbekneftgaz” AJ-nyň dolandyryjy başlygy Alişer Sultanowy,
— Hindistanyň daşary işleriniň döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbaty,
— Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Şahir Hakan Abbasi.
