Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenhimiýa döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenhimiýa döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Döwlet Baştutany gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi barada durup geçip, 2020-nji ýylda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylandygyny belledi. Hususan-da, Tejenkarbamid zawodynda bu görkeziji 53,7, Marykarbamid zawodynda 62,5 göterime, Maryazot önümçilik birleşiginde bolsa, bary-ýogy 23 göterime barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
15.10.2019 | Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär