8-nji aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabientiniň mejlisini geçirip ulag pudagynyň işleri baradaky mowzugy gözgady diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.
Ulag we aragatnaşyk edarasynyň başlygy Mämmethan Çakyýew hasabat berenden soňra, prezident häzir ulag pudagynyň käbir bölümleriniň belli wakalar bilen ilteşikli bütin dünýäde girizilen” çäklendirimeler sebäpli uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüzdigini boýun aldy.
Görnüşi ýaly, Serdar hem kakasy ýaly, Covid-19 ýokanjyny agzamakdan gaça durýar.
“Şonuň bilen bagly gözegçilik edilýän edaralaryň maliýe taýdan üpjünçiligine düýpli garamaly” diýip kiçi Berdimuhamedow aýdýar.
Şeýlede onuň bellemegine görä,howa ýollary arkaly uçuşlaryň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň kemelmegi bilen edaralaryň önümçilik wezipelerini ýerine ýetirmeginde meseleler döreýär.
Ol maliýe, bank we halkara maliýe guramalar boýunça wise-premýer Muhammemtguly Muhammedow bilen birlikde “ýylyň ahyryna çenli emele gelmegi mümkin ýagdaýlary maslahatlaşmagy” Çakyýewe tabşyrdy.
Şonuň ýalyda, kiçi Berdimuhamedow ýokanjyň täsirini iň pes derejä ýetirmek üçin işgärleriň aýlyklaryny tölemek, salgytlaryň ýa-da karzlaryň tölenişiniň möhletini uzaltmak we beýleki çäreler boýunça teklibi taýýarlamagy buýurdy.
Maliýe we ykdysadyýet boýunça ministr Muhammetgeldi Serdarowyň hasabatyndan soňra, prezident “dünýä hojalyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary hasaba alyp şu ýylda durmuş-ykdysady pudakdaky ýagdaýlary gysga möhletde analizlemegi tabşyrdy.
Ol kiçi we orta gürpdäki kärhanalara karz bermek maksatnamany giňeltmegi, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş ýerlerini açmak taslamany analizlemegi, gurluşygyň maliýeleşdirilmegine gözegçiligi we käbul edilen taslamany durmuşa geçirmek üçin goşmaça maliýe çeşmesini gözlemegi hem tabşyrdy.
DIM Raşid Meredowyň hasabaty wagtynda hem prezident koronawirusyň täsiri mowzugyna degip, “älemdäki belli wakalar bilen ilteşikli dünýäde ýagdaýlar agyrlygyna galýar we şonuň üçinde,bolup geçýän wakalardan habardar bolmaly” diýdi.
Şol mejlisde, prezident Aralyň ilatyň saglygyna täsirine hem alada bildirdi.
Ol edil kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly koronawirusyň Aral tozanlaryna garylyp ýüzlerçe we müňlerçe kilometre ýaýramagynyň mümkindigini aýtdy.The post Türkmenistanyň prezidenti ýokanjy agzaman, onuň ykdysadyýete täsirini öwrenmegi tabşyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
