Türkmenistanyň prezidenti ýollaryň ýaramazlygyndan we özboluşly binagärlik taslamalarynyň ýoklugyndan nägile bolýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrdaky hökümet maslahatynda ýollaryň gurluşygy meselesine üns berdi, bu ugurdaky işleriň depginleriniň haýaldygyny we häzrki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýtdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, prezident Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Dudrylyýewe 2019-njy ýyl üçin şäher gurluşygy programmasyny doly işläp düzmegi we ýokary hilli ýollaryň gurluşygyna esasy üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet baştutany gurluşyk we binagärlik ministri Söýençnazar Selimowa hem nägilelik bildirdi we “özboluşly milli taslamalaryň garamagyna hödürlenilmeýändigini, şeýle-de senagaty ösdürmek üçin teklipleriň edilmeýändigini” belledi.

Belleýäris, ýurtdaky dollar, hususan-da regionlarda, juda ýaramaz bolmagynda galýar. Ýokary tizlikli ýollar barada aýdylanda bolsa,Türkmenistanda Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygy gijikdirilýär.

Bu ýol Türkiýäniň Polimex’ firmasy tarapynda gurulýardy, emma onuň gurluşygy häkimiýetler bilen oňuşmazlyk esasynda togtadyldy.

Soň prezident bu ýoluň gurluşygynyň ýerli gurluşykçylar tarapyndan dowam etdirilmegini buýurdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
Tegelek stol söhbetdeşligi
Prezident bir topar käýinç yglan etdi we kadr çalşygyny geçirdi
26.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi