Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 15 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 15 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny hem-de ony giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdul Latif Raşide, Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Yragyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan eýranly we katarly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran arasyndaky ýaraşygy maslahatlaşdylar
Prezident Erdogan uçar heläkçiligi sebäpli Liwiýanyň premýer ministrine gynanç bildirdi
BAE-niň hususy pudagy Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär
Saglygy goraýyş ministri gazak, katarly we azerbaýjanly kärdeşleri bilen duşuşdy
Türkmen-yrak parlamentara dostluk toparyny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler