Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi

20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.

Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, ýurtlarymyzda öndürilýän önümleriň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Öz gezeginde, Türkmenistan Ysraýylyň oba hojalyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär.

Myhman netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ysraýylyň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy strategik hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler
Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Rafaha Guralýan Hüjümler Dowam Eder
ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi