Türkmenistanyň prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatda täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatda täze bellenen  ilçisini kabul etdi

2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

iki ýurdyň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
Wladimir Putin halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Aşgabat welaýat ýaşaýjylaryny kowup’, dilegçileri wagtlaýyn tussag edip, it-pişikleri 'ýok edip', halkara foruma taýýarlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Tokaýew Aral we Hazar ekoulgamlarynyň goralmagynyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady