Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde, kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň uly tehnigi-yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Umytjan Rozymuradowiç Nurmammedowa;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Aşgabat gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimize Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlar dakyldy
Saglyk - altyn täjim
Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury atly göçme kitap sergisi gurnaldy
Magtymguly Pyragy ruhy dünýäň çyragy
Pyragynyň arzuwlan zamany geldi
Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr