Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)

Prezidentiň “Boing 737″ uçary. Arhiw fotosy

“Flightradar24” saýtynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uaçrlarynyň biri 11-nji oktýabrda Russiýanyň kurort şäheri Adlerde gondy.

Bu “Boing 737” uçary, onuň nomeri EZ-A007.

Şol wagta çenli Türkmenistanyň prezidentiniň Russiýa sapary barada maglumat berilmedi.

Prezidentiň esasy uçary “Boing 777“, bort nomeri EZ-A777, Aşgabatda dur.

Şuňa meňzeş yglan edilmedik uyçuşlar mundan öňem bolupdy. Awgustda şu “Boing” birnäçe sagatlyk Berline uçdy. Türkmenistanyň prezidentiniň Germaniýa sapary barada habar berilmedi.

Goşmaça. Şu gün Soçide GDA-nyň sammiti başlanýar we oňa prezident Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

"Türkmenistanyň" ýene bir uçary Minske baryp gaýtdy, ozakysynyň gyssagly gonmagyna galp bomba howpy sebäp boldy
"Türkmenistan howaýollarynyň" türkmen raýatlaryny alyp barýan uçary gyssagly ýagdaýda Minsk aeroportuna gondy
Çeşmeler: Stambulda aktiwistleri ýenjenler Türkmenistanyň MHM işgärleri
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi
Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler