Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn 4-nji yanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň täze ilçisi hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy meýilleşdirilýär
Aşgabatda Meksikanyň ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY