TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ RAISINIŇ DUŞUŞYGY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ RAISINIŇ DUŞUŞYGY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRLEN DABARALARA GATNAŞDY WE NÄBELLI ESGERIŇ GUBURYNA GÜL GOÝDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRLEN DABARALARA GATNAŞDY WE NÄBELLI ESGERIŇ GUBURYNA GÜL GOÝDY
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary