Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze Boeing uçary bilen ýetirildi

4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Boeing 777-300ER kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli Boeing kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.

Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr.Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir.

Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar.Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de, olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany Airbus A330-200 P2F (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy.Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar.

Soňky ýyllarda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberi köpeldilip, hili ýokarlandyryldy.Howa gatnawlarynyň ykdysady görkezijileri artdy. Şu ýylyň on aýynda Türkmenhowaýollary agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2 göterime barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Awiasiýa sergisi geçirilýär
“Boeing 747” uçary ilkinji gezek köpçülige görkezildi
“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777300” kysymly uçar satyn aldy
100 uçar sargyt etdi
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar