Türkmenistanyň RF-daky ilçisi GDA-nyň baş sekretaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşanyny gowşurdy

Türkmenistanyň RF-daky ilçisi GDA-nyň baş sekretaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşanyny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Gowşuryş dabarasy 6-njy noýabrda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak barada karara gol çekipdi.

Ýene degişli makalalar

GDA-nyň Baş sekretaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Sarahsdaky üsti açyk ammarlarda saklanýan kükürt kislotasy ilatyň saglygyna howp abandyrýar
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda koreý diplomaty bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy