Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini daşary ýurtlaryň Liderleri gutlaýar

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini daşary ýurtlaryň Liderleri gutlaýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň adyna dünýä döwletleriniň Prezidentlerinden, premýer-ministrlerinden we iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan Gutlag hatlary gelýär.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynyň habar berşi ýaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifden, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri we Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaed Al-Nahaýandan, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwaliden, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy wezipesini ýerine ýetiriji Molla Muhammad Hasan Ahundan, ÝHHG-niň baş kätibi Helga Şmidtden, RF-niň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkodan Gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Şeýle hem saýlanan döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko, Liberal demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowkiý, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, HHR-yň Başlygy Si Szin Pin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we başgalar gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň DIM-leriniň başlyklary Ýaponiýada gepleşikleri geçirerler
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Özbegistanda Möhletinden Irki Ses Berliş Tapgyry Tamamlandy
Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler
Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär