Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýär

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýär.

Suratkeşiň şahsy gaznasyndan 100 töweregi surat eseri aprelde bu ýere geljekleriň dykgatyna hödürlener diýip, Türkmenistan: Altyn asyr internet neşiri habar berýär.

Dürli ýyllarda çekilen şekillendiriş eserleriniň hatarynda — akyldaryň şahyryň kanoniki şekili hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň portreti, Garagum derýasyny gurujylara bagyşlanan Asyrlarboýy edilen arzuw hasyl boldy ýaly eserler bar. Şeýle-de suratkeşiň galamyndan dörän eserlere Ilkinji mugallym, Bagtyýar zähmet, Ylym pagtaçylaryň kömekçisi, Pagta meýdanyndaky dynç alyş ýaly nakgaşlyk eserleri degişli.

Aprel aýynda halypa suratkeşleriň, talyplaryň, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda suratkeşiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli maslahat hem geçiriler. Maslahatda türkmen şekillendiriş sungatynyň ussady barada, onuň döredijiligi hem-de türkmen milli sungatynyň ösmegine goşan goşandy, eserleriniň dünýäde giňden wagyz edilmegi dogrusynda pikir alşarlar.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi
Sungatda dostlukly gatnaşyklar berkeýär
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenildi
Aprel aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?