Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular

Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular

Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekillerinden ybarat topar Türkiýäniň Şanliurfa we Gaziantep şäherlerine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady bu şäherleriň gözel ýerleri bilen tanyşmakdan hem-de bu sebitleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermekden ybaratdyr. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Turkmenportala habar berildi.

Wekiliýet ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Şanliurfadaky Gobeklitepäniň gadymy arheologiki ýadygärligine baryp gördi. Bu şäher Gastronomiýanyň paýtagty hökmünde hem bellidir we ÝUNESKO-nyň Gastronomiýa üçin döredijilik şäherler ulgamyna girizilen ilkinji türk şäheridir. Gaziantepde türkmen wejikiýetiniň agzalary dünýäniň iň uly mozaika muzeýi bolan Zewgme bilen tanyşdylar.

Turkish Airlines awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi tarapyndan guralan saparyň dowamynda oňa gatnaşyjylar baryp gören ýerleriniň täsin tagamlary we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem maglumat alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy