Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkiýäniň Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary sammitiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Türkiýäniň daşary işler ministri M.Çawuşoglu bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda aýdyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda sammitde garaljak meseleler barada pikir alşyldy.

Guramanyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, nobatdan daşary sammitiň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanyna tagallalaryň birleşdirilmegi arkaly netijeli jogap bermek bilen bagly, şeýle-de agza ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gurama agza döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türki Geňeşiniň ýerine döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň ilkinji sammiti geçen ýyl Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilipdi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Sammitiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäniň ýokary ordeni gowşuryldy.

Türki halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen häzirki zaman döwletleri birleşdirýän Türki Geňeş halkara guramasy 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri tarapyndan döredildi. 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde olara Özbegistan hem goşuldy.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda ýerleşýän Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň VIII sammitinde Türki Geňeş Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde Türkmenistan synçy agza hökmünde bu gurama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Palestinaly Doganlarymyzy Asla Ýalňyz Goýmarys”
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident Erdogan, BAE-niň Döwlet Ýolbaşçysy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy