Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň geljegi, şeýle hem häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Bu ugurda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işi, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmegi möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Türkiýe täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi