Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi APJ (TULM) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinden karbamid ýüki bilen ilkinji konteýner otlusyny ibermek arkaly deňi-taýy bolmadyk logistika ugruna ýük ibermek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň habar bermegine görä, her biri 28 tonna barabar bolan mineral dökünli 54 sany 40 futlyk konteynerden ybarat bu otly şeýle görnüşdäki ilkinji göni ýük gatnaw ugry bolup durýar.

Otly barmaly nokadyna çenli birnäçe ýurtlaryň üstünden geçer: Özbegistandan Türkmenbaşy portuna, ondan soň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäklerinden geçip, Poti portuna baryp ýeter. Gruziýanyň portunda konteýnerler deňiz gämisine ýüklenip, Braziliýanyň Paranagua portuna baryp gowşar. Ýüki eltip bermegiň umumy möhleti 60-70 gün bolup, onuň 20 gününi demir ýol bölegi, 35-45 gününi bolsa ýüküň ummandan geçmek bölegi tutýar.

Ýene degişli makalalar

Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak dialogyny ilerledip
Türkmenistan Aşgabat Türkmenbaşy strategik demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga girişer