Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ugurlary

Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň mazmunyny Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: “Häzirki döwürde dünýä ulaglar ulgamyny ösdürmek, özi-de iň ýokary derejede ösdürmek boýunça dialogyň başlanandygyny we has oýlanyşykly, bitewi häsiýete eýe bolup başlandygyny ynam bilen tassyklap bolar. Oňa döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalar gatnaşýarlar.

Bu üstünliklere kanuny ýagdaýda guwanmak bilen, Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny peseltmez. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz ony güýçlendirmäge we giňeltmäge, täze anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr ”.

Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

– häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze demir ýollary we stansiýalary gurmakdan, bar bolan ähli önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmekden we olary netijeli ulanmakdan, demir ýol ulaglary pudagynda innowasion usullary döretmekden hem-de pudaga giňden ornaşdyrmakdan, önümçilige ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnikalarynyň aýawly ulanylmagy üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamakdan;

– awtoterminallary halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmekden we täze döwrebap awtoterminallary gurmakdan, welaýatlarda täze gurlan we bar bolan awtoterminallaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakdan;

– ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça täze halkara we içerki gatnaw ugurlary açmakdan, awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpgöter kämilleşdirmekden, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan;

– ýerüsti tehnikalary, howa gämilerini, şeýle hem howa menzillerini täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmakdan we döwrebaplaşdyrmakdan, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini hem-de hilini ýokarlandyrmakdan, awiasiýa pudagynda innowasion usullary döretmekden we pudaga ornaşdyrmakdan, pudak üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamakdan;

– deňiz port üpjünçilik ulgamyny ösdürmekden, sebitde bäsdeşlige ukyply porty kemala getirmekden;

– deňiz portunyň ýük ýükleme-düşürme mümkinçiligini giňeltmek bilen, ony sebitde iri üstaşyr ýük geçiriji merkeze öwürmekden;

– eksport-import, üstaşyr ýükleri ýüklemek-düşürmek, geçirmek boýunça islegleri doly kanagatlandyrýan ýokary tehnologiýaly we döwrebap tehniki binýady bolan deňiz portuny döretmekden;

– milli deňiz flotuny ösdürmek we kämilleşdirmek üçin, oňa zerur bolan gämileri, ýüzüji serişdeleri satyn almakdan;

– Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin täze ugurlarda suw ulag ýollaryny döretmegi dowam etmekden, şeýle hem ýurdumyzyň geoykdysady ýagdaýyny Hazar deňzi sebitinde has-da berkitmekden;

– halkara talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply deňiz söwda flotuny döretmekden, Türkmenistanyň deňiz ulaglarynyň halkara ýükleri daşamak boýunça hyzmatlardaky ornuny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda öndürilen milli önümleriň deňiz ulagy bilen daşalmagynda daşary ýurt ulaglaryndan garaşsyz bolmagyny üpjün etmekden;

– deňiz ulaglaryna zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakdan;

– howa menzillerini halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmekden we täze döwrebap howa menzilleriniň gurluşyklaryny alyp barmakdan, welaýatlarda täze gurlan we bar bolan howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri amala aşyrmakdan, howa gämileriniň awiasiýa parkyny we ýörite ýerüsti tehnikalaryny döwrebaplaşdyrmakdan.

Türkmenistanyň kanunçylygynda döwlet ulag syýasatynyň esasy wezipeleri hökmünde şu aşakdakylar bellenilýär:

– Türkmenistanyň ulag ulgamyny halkara ulag hyzmatdaşlygyna çekmek, ony ösdürmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen anyk taslamalar we meýilnamalar bilen kämilleşdirmek;

– Türkmenistanyň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek;

– energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen çykarylmagyny artdyrmak üçin täze ugurlar boýunça magistral turba-geçirijileri gurmak;

– howpsuz, umumy elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa hem-de howanyň üýtgemegine durnukly ulag hyzmatlaryny üpjün etmek üçin daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek;

– ulag hyzmatlarynyň umumy bazaryny ösdürmek maksady bilen ýerli, sebit we dünýä bazarlaryna çykmak;

– ulag ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;

– ulag ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny berkitmek;

– ulag serişdeleriniň daşky gurşawa, adamyň janyna we saglygyna ýaramaz täsirini peseltmek we aradan aýyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

– amatly maýa goýum şertlerini döretmek arkaly ulag ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek;

– ulag ulgamynyň dürli pudaklarynyň tehniki binýadyny, olaryň özara hereketleriniň wajyp nokatlarynda ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly köpugurly terminal toplumlaryny, maglumat we logistik merkezlerini döretmek;

– utgaşdyrylan we multimodal daşaýyşlaryň, multimodal ulag operatorlarynyň ulgamynyň ösüşini üpjün etmegi guramaçylyk taýdan goldamak;

– ýolagçylary durnukly gatnatmak, ýükleri we goşlary daşamak üçin ulagyň her bir görnüşiniň amatly artykmaçlyklaryny ösdürmek;

– ulag babatda kabul edilen halkara hukuk resminamalaryny durmuşa geçirmek.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ulag-logistika ulgamy halkara we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm böleginiň biri bolmak bilen, dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdiriji güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda-da, Türkmenistanyň ulag syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişini we mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmekde zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitler öňe sürülýär .

Görkezilenler bilen birlikde, salgylanylan maksatnama laýyklykda, we döwlet ulag syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokarlandyrylýar.

Geçirilýän çäreler, Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda ediljek ädimler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl-de, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine-de kuwwatly itergi berýär.

Soňky ýyllarda döwlet ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde geografik taýdan örän amatly Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolýar we şol kuwwatdan netijeli peýdalanýar.

Türkmenistan üçin onuň özüniň alyp barýan ulag syýasatynyň çäklerinde, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar Günbatar we Demirgazyk Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar.

Ýokarda-da bellenip geçilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglylykda, bu ugurda möhüm logistik geçelgelerini kemala getirmek, biziň döwlerimiz üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini peýdalanmak arkaly amatly we howpsuz geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyny üpjün edýär.

Yklymyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz, müňlerçe ýyllar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmak bilen, onuň innowasiýa taýdan täzeden dikeldilmeginde işjeň we ähmiýetli orun tutýan ýurdumyzyň ulag pudagy depginli ösdürilip, täze durmuş-ykdysady şertleri kemala getirýär, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de Ýer ýüzüniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary giňeldýär.

Şonuň ýaly-da, ýokarda görkezilenler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Ondan başga-da, halkara ulag we logistiki hyzmatdaşlygyny ösdürmekde halkara ulag geçelgelerine aýratyn ähmiýet degişli bolup, Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň agzasy bolmagy hem-de halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara şertnamalarynyň gatnaşyjysy bolmagy ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ulag geçelgeleriniň merkezinde ýerleşen üstaşyr ugurlaryň geljegi uly bolan mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrylýar. Döwletimiziň milli ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasynda-da, görkezilen geçelgeleriň sebitleriň öz içine alýan giň geoykdysady giňişligindäki netijeli gatnaşyklaryna ýardam etjek ugur bolmagy gazanylýar.

Döwletimiziň geljekki 30 ýyldaky ykdasady ösüşini üpjün etmek boýunça esasy umumilli syýasy-hukuk resminamasy bolan, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyňam ösüş ugurlary, ulaglaryň her biri boýunça aşakdaky ýaly görnüşde beýan edilýär:

Demir ýol ulaglary. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylyp, halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça täze üstaşyr geçelgeleriniň täze ugurlarynyň döredilmegini ýola goýmak, Owganystan Türkmenistan Azerbaýjan Gruziýa Türkiýe Lapis Lazuli we Özbegistan Türkmenistan Eýran Oman üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlaryny we Hytaý Täjigistan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlaryny döretmek bilen bagly işler dowam etdiriler.

Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde multimodal halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň logistika merkezini döretmek, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak ösüşiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde amala aşyrylar.

Demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we demir ýol ulagynyň häzirki zaman hereket edýän düzümleriniň sanyny artdyrmaga uly ähmiýet berler we bu ugra maýa goýumlary gönükdiriler.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň özara sazlaşykly işlemegini ösdürmek arkaly DemirgazykGünorta we GündogarGünbatar ugurlary boýunça multimodal ýük gatnawlarynyň möçberi artdyrylar.

Demir ýol we awtomobil ulaglarynyň gatnaşmagynda Pars aýlagy, Eýran Yslam Respublikasy we Türkiýe Respublikasy aralygynda multimodal ýük dolanyşygynda Etrek stansiýasynyň binýadynda Etrek-Gury porty döretmek we Bangkok şäherinde 2013-nji ýylyň 7-nji maýynda kabul edilen Gury port hakynda hökümetara ylalaşygyň Halkara gury portlaryň sanawyna girmek babatda hem işler ýaýbaňlandyrylar.

Demirgazyk Günorta, Gündogar Günbatar halkara demir ýol geçelgeleriniň kuwwatlylygyny netijeli ulanmak maksady bilen, Hytaý Owganystan, Hytaý Eýran, Hazar deňziniň üsti bilen Aziýa Ýewropa, Özbegistan Türkiýe, Türkiýe Owganystan hem-de beýleki ugurlar boýunça konteýner düzümleriniň yzygiderli gatnawlaryny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegini nazara alyp, demirgazykda Russiýa Federasiýasy soňra Baltika deňziniň kenary, Ýewropa ýurtlary, gündogarda Günorta Aziýa, Uzak Gündogar we Aziýa Ýuwaş umman sebiti, günortada Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Pars aýlagy, soňra dünýä ummany, Ýakyn Gündogar ýurtlary, günbatarda Hazar deňzi arkaly Gara we Ortaýer deňizleriniň kenarlary aralygynda halkara ulag-logistika ulgamyny we multimodal logistiki binýadyny ösdürmek boýunça işler durmuşa geçiriler.

Awtomobil ulaglary. Türkmenistanyň Prezidentiniň bimöçber aladalary netijesinde, döwletiň awtoulag düzümi dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän häzirki zaman awtoulaglary bilen baýlaşdyrylýar. Onuň hasabyna gatnaw ugurlarynyň sany artdyrylýar, ýolagçylary gatnatmak hyzmatlary ýokary hilli we medeniýetli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň, şeýle hem welaýatlaryň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bellenen ugurlar boýunça ulag hyzmatlarynyň has-da ýokary derejelerde bolmagyny üpjün edýär.

Milli Liderimiziň Döwlet adam üçindir! diýen ynsanperwer taglymatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzda gurulýan täze, döwrebap obalarda we şäherçelerde, ýaşaýyş ýerlerinde ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin, täze şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus gatnaw ugurlary açylar hem-de hereket edýän ugurlar ýolagçylar üçin has amatly bolar ýaly kämilleşdiriler.

Orta möhletleýin döwürde awtomobil ulaglary pudagynda daşary ykdysady aragatnaşyklary kämilleşdirmek maksady bilen, täze halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri dörediler, hereket edýän ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara ýükleriniň geçirilişi artdyrylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag syýasaty babatda öňe sürýän, dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen döwletli başlangyçlary, amala aşyrýan tutumly taslamalary netijesinde, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, olaryň üstünden geçirilýän halkara ýükleriniň görnüşlerini köpeltmek, ýük gatnatmalaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we giňeltmek, halkara gatnaşyklaryny berkitmek, daşary ýurt guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri giňden peýdalanmak we ulag ulgamynda bäsdeşlige ukyply hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, Halkara awtomobil gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen daşary ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek işleri dowam etdiriler.

Awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ulaglar düzüminiň döwrebap awtomobil ulaglary bilen üstüniň ýetirilip durulmagy, edara-kärhanalaryň üpjünçilik ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň möçberleriniň artmagyna, awtomobil ulaglary pudagynyň çalt depginler bilen has-da ösmegine itergi berer.

Ýolagçylara edilýän hyzmatlar üçin tölegleri nagt däl görnüşde kabul etmek we internet arkaly sargytlary kabul etmek hyzmatlary doly ýola goýlar we yzygiderli kämilleşdiriler.

Ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli görnüşli, şol sanda kiçi, orta synply we uly awtobuslary, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglaryny satyn almak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pudagyň ýük awtoulag düzümini dürli görnüşdäki ýük awtoulaglary bilen artdyrmak meýilleşdirilýär.

Awtomobil ulaglary pudagynyň hukuk binýadyny berkitmek we bu ugurda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.

Howa ulaglary (awiasiýa). Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 20122030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, howa ulaglary ulgamy dowamly kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň iň häzirki zaman, barha kämilleşýän raýat awiasiýasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna öz goşandyny goşýar.

Türkmenhowaýollary agentliginiň esasy wezipeleriniň biri hem ýerli we halkara gatnawlarynyň netijesinde, ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak hem-de dolanyşyklaryň möçberini ýyl-ýyldan artdyrmak bolup durýar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna we Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň (IKAO) talaplaryna laýyklykda, bu ulgamyň ýerüsti tehnikalary we howa menzilleri yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Suw (deňiz we derýa) ulaglary. Dünýä halklarynyň arasynda Nirede deňiz bar bolsa, şol ýerde söwda-täjirçilik ösendir diýlen jümle müňýyllyklardan bäri ýörgünlidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň Deňiz derwezesi bolup durýandygy üçin, sebitde iň bir amatly logistika merkezleriniň biri hökmünde ösýär we kämilleşýär.

Soňky ýyllarda Ýewropa Kawkaz Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Deňiz ulaglary iň ygtybarly, tygşytly hem-de amatly ulaglardyr. Dünýä boýunça ýük dolanyşygynyň ýarysyndan gowragy deňiz ulaglarynyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem, dünýäde deňiz ulaglaryna aýratyn uly üns berilýär.

Şeýle-de, deňiz we derýa flotuny, deňiz we derýa portlaryny, port nokatlaryny, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanalarynyň toplumlaýyn durkuny özgertmek, gämi geçelge kanallaryny, derýa gämi gatnaw ýollaryny halkara standartlaryna laýyklykda saklamak möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt ösmegini, şol sanda eksport we import üçin ýükleriň mukdarynyň köpelmegini, şeýle hem dürli pudaklarda bäsdeşligiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, deňiz ulagy pudagynyň ösüş depginini ýokarlandyrjak taslamalary durmuşa geçirmek üçin çäreler görülýär.

Türkmenistanda geljek 30 ýylda ýük daşamagyň mukdaryny, ýolagçy gatnawyny we hilini ýokarlandyrmak, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we täsirli netijäni almak, şeýle hem ulag hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin birnäçe çäreleriň görülmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda deňiz flotuny ösdürmek, şeýle hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda eksport-import dolanyşygyny ýokarlandyrmak we deňiz ulaglary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlara islegiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutmak bilen, gysga wagtda dürli görnüşli gämileri gurmak maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Görkezilenler bilen birlikde, Türkmenistanyň ulag insfrastrukturasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny Yslam ösüş bankynyň we OPEK Halkara ösüş gaznasynyň karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek bilen, iki sany Ro-Ro görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ro-Ro görnüşli gämiler uly göwrümli ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin örän zerurdyr, bu gämileriň netijeli peýdalanylmagy ýükleri ýüklemek, düşürmek amallaryna sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ondan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky çykaran 2566-njy karary bilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” tassyklandy.

Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasy – bu ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durup, döwletimiziň bu ugurda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, halkara ulag hyzmatdaşlygynda Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak we bähbitlerini goramak boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de kompaniýalarynyň bilelikdäki işiniň jemi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Ulag ulgamynda öňe sürülýän oňyn teklipler dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň (mundan beýläk – BMG-niň) 69-njy sessiýasynda eden teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda köp işleriň edilmegine ýol açdy.

Öz üstüne alan borçnamalaryna hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň 2020-nji ýylda ençeme halkara resminamalaryna, hususan-da 1975-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1985-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1991-nji ýylda kabul edilen Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnama goşulandygyny aýratyn bellemek gerek.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym.

Nurmuhammet SÜLEÝMANLY,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, institutyň Okuw usuly geňeşiniň agzasy.

Merjen HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar
Lebap: Dabara bilen açylýan täze desgalar boş durýar
IATA Kerki halkara howa menziline kod berdi
Lebapda medeniýetiň we sungatyň baýramy
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy
Kerki howa menziline ICAO-nyň kody we halkara ülňülere laýyklyk güwänamasy berildi