
6-njy maýda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow karara gol goýdy.
Oňa görä, sebitleriň ýolbaşçylary uruş weteranlaryna, uruşda ölen esgerleriň dul aýalyna (hut dul aýalyna-TH-niň belligi) 200 manat (resmi bahadan 57,1 dollar ýa-da “gara bazar” nyrhyndan 10 dollar) we gymmat bahaly sowgatlary prezidentiň adyndan gowşurarlar diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Weteranlara geçen ýyllarda hem hut şeýle möçberde sowgat berdiler. Türkmenistanda galan BWU weteranlarynyň sany aýdylmaýar.
2018-nji ýylyň 9-njy maýyndan bäri bu gün baýram däl.
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uruş weteranlaryna berilýän pul sowgadynyň möçberini “Fergana.ru“ habar gullugy hasaplady.
Özbegistanda uruş weteranlary, konslagerleriň bendileri, Leningrad gabawyna gatnaşanlar15 milýon sum (1339 dollar) we gymmat bahaly sowgat alarlar. Ýurtda 236 sany BWU weterany ýaşaýar.
Gyrgyzystanda weteranlara 100 müň som (1209 dollar)beriler. Ýurtda 107 sany weteran bar.
Gazagystandaky uruş weteranlaryna ýaşaýan sebitine we öz durumyna laýyk pul sowgat beriler. Nursultanda we Astanada ýaşaýan weteranlar 1 milýon teňňe (2229 dollar), Aktuýubede oturanlar 2 milýon teňňe (4458 dollar) alarlar. Ýurtda 387 sany BWU weterany galypdyr.
Täjigistanda hem weteranlar ýaşaýan sebitine görä sowgat alarlar. Meselem, Duşenbede ýaşaýan weteranlar 3 müň somoni (240 dollar), Sogdiý welaýatynda bolsa, 380 dollar sowgat beriler. Ýurtda 59 sany weteran ýaşaýar.
Rusýada 20320 sany uruş weterany ýaşaýar.Olar Ýeňiş güni 10 müň rubl (138 dollar) alarlar.
Käbir sebitlerde goşmaça töleg göz öňünde tutulýar.The post Türkmenistanyň uruş weteranlary prezidentiň adyndan 10 dollar beýleki MA döwletlerine garanda,onlarça, ýüzlerçe esse az alarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.