Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti duşenbe güni habar berdi.

“Zagulba” köşgünde geçirilen gepleşikler ilki ikiçäk, soňra bolsa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. Taraplar däp bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklarda gazanylan netijeleri belläp, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurt energetika, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, gümrük işi hem-de diplomatik hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary öz içine alýan birnäçe ylalaşyklara we özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe ugurda, şol sanda energetika babatynda ylalaşyklara gol goýdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp