Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar

28-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýei bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar ýokary we iň ýokary derejede duşuşyklaryň ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhümdigini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.Gün tertibinde ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr potensialyny ýokarlandyrmak meseleleri hem bar.Diplomatlar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara, esasan hm Eýran tarapynyň Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara çärelere gatnaşmagyna üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek ugrunda ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi