Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär