Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

14-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokko Patyşalygynyň daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Marokkonyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Muny taraplaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak tejribesinde görmek bolýar.

Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Serdar Berdimuhamedow Kataryň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisini kabul etdi
“Ortaýer Deňizi Sebitiniň Durnuklylygyny Ara Alyp Maslahatlaşdyk”
PSŽ Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama hödürleýär
Interpolyň Başlyklygyna Ahmed Nasser Al Raisi Saýlandy
2022-nji ýylda Ronaldu Mbappeniň ornuny çalşyryp biler