Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aşgabatda geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň jemleýji resminamasy
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler