Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Sloweniýanyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Muny taraplaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak tejribesinde görmek bolýar.

Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
EURO 2024 çempionatynyň final tapgyryna çykjak ýygyndynyň ilkinjisi şu gün belli bolar
Ýewro ― 2024: Fransiýany awtogol, Portugaliýany jerime urgulary çärýekfinala alyp çykdy