Türkmenistanyň wekiliýeti “BMG Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 1214-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň “BMG Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili B.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän “BMGSyýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. “BMG Syýahatçylyk” guramasynyň sekretariaty hem-de Maltanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde guralýan maslahata Komissiýanyň agza döwletleri, şeýle hem halkara guramalaryň we degişli düzümleriň wekilleri gatnaşýarlar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda gatnaşyjylar syýahatçylyk ulgamynda ählumumy garaýyşlar we sebit çemeleşmeleri, guramanyň işi, Ýewropa boýunça 20252026-njy ýyllar üçin iş maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem guramanyň agzalary bilen özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Mundan başga-da, 2027-nji ýyl-Durnukly we ýaşaýşa ukyply syýahatçylygyň halkara ýylyna taýýarlyk görmek, halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynyň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman wehimleri aýratyn üns merkezinde boldy.

Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň işjeň gatnaşyjysy hökmünde, BMG-niň Bütindünýa syýahatçylyk guramasynyň sekretariaty bilen ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Özboluşly tebigy gözelliklere, baý medeni-taryhy mirasa, döwrebap binagärlige we innowasion tehnologiýalara eýe bolan Türkmenistan milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
GFR-da Ýokary bilim we ylym boýunça GermaniýaMerkezi Aziýa forumy geçirilýär
Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
"Arkadag" futbol kluby 2025-nji ýylda dördünji baýragy Türkmenistanyň Kubogyny aldy