Türkmenistanyň wekiliýeti Konýa şäherine bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Konýa şäherine bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna bardy. Oýunlar 9 ― 18-nji awgut aralygynda Konýa şäherinde geçiriler.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna takmynan 54 döwletden 3 500 töweregi türgeniň gatnaşmagy garaşylýar.

Türgenler sportuň 23 görnüşi boýunça, ýagny ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, boççe, futbol, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (sport, çeperçilik, aerobik), gandbol, dzýudo, karate, kikboksing, sport atyşyk, suwda ýüzmek, stol tenisi, taekwondo, woleýbol, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler. Şeýle hem, bu oýunlarda sportuň para görnüşlerinden ýeňil atletika, stol tenisi, suwda ýüzmek we ýaý atmak boýunça ýaryşlar gurnalar.

Tanyşdyryş sport hökmünde milli ýaýdan ok atmak görnüşinden hem ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bu Oýunlaryň ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (çeperçilik), dzýudo, karate, kikboksing, suwda ýüzmek, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) we adaty ýaýdan ok atmak ýaryşlaryna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň çagalary we Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Medeniýet Ýoly Festiwallary 16-njy Sentýabrda Başlaýar
Türkiýede VIII asyra degişli ýerasty şäher tapyldy
Türkiýede ýerasty şäheriň üsti açyldy
Spor Toto Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy