Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iki ýurduň gatnaşýan iri energetika, ulag we gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşmak maksady bilen Owganystana sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Bu sapar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyry bolan Serhetabat-Hyrat bölegindäki we beýleki ähmiýetli desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy öz içine aldy.

Wekiliýet optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy demir ýol stansiýasyndaky guryýer portunda ammar toplumynyň, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyry bolan Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy bilen hem tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berlen bu taslamalar Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ykdysady we ulag gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistan Owganystan bilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI BILEN DUŞUŞYGY
R.Meredow Natalýa German bilen duşuşdy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk