Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Tokioda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Baýramow hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew gatnaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem talyplar we mugallymlar bilen akademiki alyş-çalyş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we ylmy barlaglary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) tejribesini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini hem bellediler.Duşuşygyň netijeleri boýunça ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler
09.11.2017 | 2017-nji ýylyň oktýabry: daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi
23.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl