Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Oýunlar Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýär.

Türkmen toparynyň ýörişiniň başyny agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew çekdi.

Açylyş dabarasynda gatnaşyjy wekiliýetleriň ýörişi döwletleriň adynyň elipbiý tertibine görä guraldy.

Şäherdäki Büýükşehir stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 42 müň tomaşaçy gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň toparyny gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder. Onda 56 döwletden 4 müňden gowrak türgen sportuň 24 görnüşi boýunça medallaryň 483 toplumy üçin göreşer. Ýaryşlar Konýa şäherindäki sport binalarynyň 14-sinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Konýada Partiýasynyň Welaýat Maslahatyna Gatnaşdy
Spor Toto Super Liganyň 37-nji hepdesi tamam boldy
Hulusi Akar Galla ylalaşygy barada beýannama berdi
“Mundan Soň Gabar Terror Bilen Däl Eýsem Nebiti Bilen Tanalar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan: "Judi, Gabarda günde 100 müň barrel önümçilik kuwwaty bolan nebit tapdyk" diýdi
Antalýalylar Türkiýäniň Ýerli we Milli Ulagyna Uly Gyzyklanma Görkezdi