Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 1517-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň milli çykyşynda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygy aýratyn bellenildi. Çykyşda Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 Alibek seýsmiki stansiýasynyň işleýşi hem-de gözegçilik we barlag ulgamlary boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýdyň ýurdumyza amala aşyran saparyna aýratyn üns berildi.Saparyň çäklerinde Aşgabat şäherinde CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli sebit duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Şertnama we onuň barlag ulgamyna bolan umumy ygrarlylygyny tassyklady.Saparyň dowamynda milli maglumat merkezleri üçin sebit okuw maslahaty hem-de sebit ýaşlarynyň arasynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça pikir alyşmagy ösdürmäge gönükdirilen Ýaşlar forumy geçirildi.

Türkmenistan mundan beýläk hem CTBTO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem ählumumy barlag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti we CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary hyzmatdaşlygyň geljegini
CTBTO Aşgabatda Milli Maglumatlar Merkezleri üçin Sebitleýin seminaryny açdy
Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi