Türkmenistanyň wekiliýeti Yerevan Dialogue 2026 halkara forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Yerevan Dialogue 2026 halkara forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde Yerevan Dialogue 2026 atly abraýly halkara forumy öz işine başlady.Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň ulgamy döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny saklamak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda ýaşyl energetika geçişi üçin amatly gurşawy kemala getirmek boýunça eýýäm anyk ädimleriň ädilendigi tassyklanyldy.Pudagyň ekologik taýdan özgerdilmeginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleriň deňagramly ösüşi bilen gönüden-göni baglydygy nygtaldy.

Ilaty bökdençsiz energiýa bilen üpjün etmegiň kepilligi, täze hünär ugurlary boýunça bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamak we çekilen maýa goýumlaryndan gelýän peýdalara ähli jemgyýetleriň deň elýeterliligini üpjün etmek esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Çykyşda milli meýilnamalary durmuşa geçirmekde konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi.

BMG we halkara maliýe institutlary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan özara gatnaşyklaryň daşary goldawyň netijeliliginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi bellenildi.Forumyň işi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
Türkmenistan we Ermenistan işewürleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda şertleri dörederler
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty üstünlikli tamamlandy we halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem durnukly şäher ösüşini has-da ilerletdi
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara