Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy

5-9-njy dekabr aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.

Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

5-nji dekabrda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek çözgüdini kabul etdi.

Karar kabul edilenden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Komitetiň wekillerine we wekiliýetleriň agzalaryna Türkmenistanyň hödürnamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri barada çykyş etdi. Bu çykyş Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň baha beriş topary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan behişdi bedewleriň mekany
“Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Uçurymlara küştdepdi öwredilýär, mugallymlar muny ýaşlary bilimden daşlaşdyrmak’ atlandyrýar
Halaçly halyçylaryň zähmet üstünlikleri
Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
AHALTEKE ATLARY TIZLIGIŇ, ÇYDAMLYLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ NUSGASY